О нас

 

Gysgaça biz barada

2011-nji yylyn Mart ayynda 1-nji dukanymyz ise baslady. 2011-nji yylyn 15 Oktyabranda bolsa 2-nji dukanymyz ise baslady. Turkmen halkynyn kitap okamakdaky isleglerini kanagatlandyrmak ucin oz gosandymyzy gosmak - bizin esasy maksadymyzdyr. 

Gymmatlarymyz

Önümlerimizi we hyzmatlarymyzy müşderilerimize dürs hem-de ynam döretmek bilen hödürleýäris. Işimize degişli ýüze çykyp biljek her dürli meseleleriňize çözgüt hödürlemek üçin terjribeli işgärlerimiz, görkeziş otagymyzda buýruklaryňyza taýýar bolarlar.

Müşderini kanagatlandyrma

Müşderini kanagatlandyrmagyň esasy wezipämizdigini bilýäris. Bu ugurda işgärlerimiz ähli mümkinçilikleri bilen size güler ýüz görkezip, hyzmat etmäge taýýardyrlar.

Işgärlerimiziň höwesi

Işgärlerimiziň nogsansyz hyzmat edip bilmekleri üçin gerekli şertleri döretmek bilen, bir maşgala deýin sylag-hormat içinde işläp, elimizden gelýän ähli işleriň iň gowusyny size hödürlemekden uly begenç duýarys.

Ýokary hile çemeleşmegimiz

Şereketimiziň abraýyny goramagy we ykdysadyýetdäki ähmiýetini artdyryp bilmegi üçin iň möhüm üstünlik hökmünde hiliň oňatlygyny, şereketimiziň dürslügini, işgärlerimiziň arasyndaky sylag we hormaty esasy orunda goýýarys.

Töweregimize we halka sylag

Adama, tebigata hem-de daş-töweregimize uly hormat goýup, jemgyýete oňat hyzmat etmek arkaly öz goşandymyzy goşýarys.